DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Älemde «jübüt» gara deşikler bar

Şeýle jübütleriň barlygyny Gawaýýadaky «Gemini North» obserwatoriýasyndan edilen synlar tassyklady, diýip, «NOIRLab»-a salgylanmak bilen, «pogoda.mail.ru» habar berýär. Bu «jübütde» gara deşikler biri-birine olaryň häzire çenli belli bolan «garyndaşlaryna» garanda, has ýakyn ýerleşýärler. Olaryň aralygy bary-ýogy 10 müň ýagtylyk ýylyna barabar.
Ozal «Habbl» we «Gaia» älem teleskoplary şeýle kwazaralary görüpdiler. Galaktikalaryň örän güýçli şöhle saçýan ýagty ýadrolaryna kwazarlar diýilýär. Olaryň merkezinde Älemdäki iň ýagty obýektleri «iýmitlendirýän» gara deşikler ýerleşýär.
Alymlar çenden aşa agyr massaly gara deşikler birleşýän galaktikalarda ýerleşýär diýip çaklaýarlar. Olara syn etmek bu prosessiň Älemde ozal nähili bolup geçendigini düşünmäge kömek eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply