DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Älemde bolan kino ekipažy Ýere dolandy

Düýn  içinde kosmonawt Oleg Nowiskiý, aktrisa Ýuliýa Persild we režissýor Klim Şipenko bolan «Ýu.A.Gagarin» («Союз МС-18») korablynyň aşaga düşürýän apparaty Gazagystanyň çölüne düşdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

Peresild we Şipenko orbitada 5 oktýabrdan bäri, Nowiskiý bolsa 9-njy aprelden bäri boldular.

Peresild we Şipenko ilkinji bolup älemde kino surata düşürdiler. Iş ady «Çagyrma» bolan älem dramasy kosmonawty halas etmek üçin kosmosa uçurylan gyz lukman barada gürrüň berýär. Film «Roskomosyň», Birinji kanalyň we «Yellow, Black and White» studiýasynyň bilelikdäki taslamasydyr. Kinony surat düşürmäge rus kosmonawtlary: Anton Şkaplerow, Oleg Nowiskiý we Pýotr Dubrow dagylar gatnaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: