Älem giňişligi üçin kislorodyň täze çeşmesi tapyldy
«Tiangong» kosmos bekedinde iş alyp barýan hytaýly alymlar özleriniň işläp düzen kislorod öndürýän tehnologiýasy bilen tanyşdyrdylar. Bu taslama üçin olar Gün şöhlesini, kömürturşy gazyny, suwy kisloroda we organiki birleşmelere öwürýän tehnologiýadan peýdalandylar.
Alymlar işiň barşynda kislorod bilen ugurdaş emele gelýän etileni raketalar üçin ýangyç hökmünde peýdalanyp boljakdygyny belleýärler. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy bolsa onuň gurşawyndaky çägiň ýylylygy we kadaly basyş şertlerinde netijeliligi bilen baglydyr. Bu bolsa energiýanyň sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Täze oýlap tapyşyň esasy maksady Aýda ýa-da Marsda uzak wagtlap bolnanda, astronawtlary kislorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr.