Albaniýadaky olimpiadada ýeňiji bolan türkmenabatly talyp belli boldy
Düýn ― 13-nji martda Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen XIX Günorta-Gündogar Ýewropa matematika bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp bolandygyny habar beripdik. «Türkmenistan» gazeti şu günki sanynda şol talyplaryň kimlerdigini hem habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebiniň talyplary
Gurtgeldi Hanow, Gülnur Şamyradowa we Myrat Janmyradow dagylar bäsleşikde bürünç
medala mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň talyplary şahsy hasapda 3 altyn, 10 kümüş, 13 bürünç medala mynasyp boldular.
XIX Günorta-Gündogar Ýewropa matematika bäsleşigine Türkmenistanyň, Albaniýanyň,
Bolgariýanyň, Serbiýanyň, Rumyniýanyň, Gresiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň 35 sany
ýokary okuw mekdebinden 150-den gowrak talyp gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekilçilikli topary
2007-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara olimpiada 2013-nji ýyldan bäri gatnaşyp, ýylyň-
ýylyna üstünlikli çykyş edýärler. Türkmen talyplary matematika boýunça halkara bäsleşikde
2023-nji ýylda 16, 2024-nji ýylda hem 17 medal gazandylar.