Saud Arabystanynyň «Al-Tawun» futbol topary AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çäginde «Altyn Asyr» bilen geçiriljek duşuşyga gatnaşmak üçin geçen gije Aşgabat şäherine geldi. Topar türkmen paýtagtyndaky türgenleşiklerini şu gün geçirer.
Yzda galan üç tapgyrda garşydaş derwezelere 6 gol geçirip, öz derwezesinde
hem 5 gol gören «Al-Tawun» 6 utuk bilen häzir «B» toparçanyň başyny çekýär.
Edil şu topar ýaly 6 utukdan ýygnan Bahreýniň «Al-Haldiýasy» we Yragyň «Eýr Forsy», degişlilikde, ikinji we üçünji orunlarda. Dördünji orundaky «Altyn Asyryň» heniz utugy ýok.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 23-nji
oktýabrda Buradida şäherinde geçirilen duşuşykda «Al-Tawundan» 1:2
hasabynda utuldy. Toparçadaky ýoluny dowam etdirmek we indiki tapgyra
ymtylmak üçin «Altyn Asyra» öňde duran üç duşuşykda hem diňe ýeňiş gerek. «B» toparçadan iki wekil ýaryşyň 1/16 tapgyryna çykyp biler. «Altyn Asyr» –
«Al-Tawun» duşuşygy 6-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler.
Duşuşyk agşam sagat 19:00-da başlanar.
«Al-Tawun» Aşgabada geldi

05
Nov