YLYM WE TEHNIKA

«Akylly» sagat surata düşürip bilýär

«Facebook»-nyň (indi «Meta» kompaniýasynyň) peýda bolan akylly sagadynyň suratynyň ýüzünde kamera üçin taýýarlanan deşik görünýär. Suratda sagadyň ekrany öçürilipdir, ýöne kameranyň aýnasy ýaldyrap görünýär. Bu barada «The Verge» salgylanmak bilen, «mail.ru» ýazýar.

Çeşme sagadyň ýüzündäki kamerany wideo jaňlar üçin hem ulanyp boljakdygyny we onuň ýeterlik derejede — 1080p — dykyzlykda surata düşürip biljekdigi barada habar berýär. Sagat LTE standart aragatnaşygy saklap biler. Şonuň ýaly-da, onda saglyk, fitnes we habar alyşmak üçin gerekli funksiýalaryň oturdyljakdygy hem mälim edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: