DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Akylly jübi teleskopy döredildi

 Astronomlara indi uly teleskoplary ýanlarynda göterip gezmek zerurlygy ýok. Olar üçin “DwarfLab” kompaniýasynyň hünärmenleri akylly jübi teleskoplaryny döretdiler.  “Dwarf-III” diýlip atlandyrylan täze ykjam enjamyň agramy 1,35 kilogram, gabarasy bolsa 222x142x65 millimetrdir. Jübi teleskopynyň kömegi bilen älem giňişligini, ýyldyzlaryň ýerleşişini synlamak we şekillerini surata düşürmek mümkindir.

Enjamda ýerleşdirilen “Sony IMX678” (STARVIS2) enjamy asman jisimlerini öwrenmek bilen bagly işleri görnetin ýeňilleşdirer.

 Şeýle-de teleskopy smartfonlara birikdirip, älem giňişligine niýetlenilen programmalary hem öwrenip bolar. Onuň 10000 mA/s göwrümli akkumulýatory, 128 gigabaýt ýady we çygdan goraglylygy asman jisimlerini uzak gijeläp surata düşürmekde kynçylyk döretmez.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: