YLYM WE TEHNIKA

Akylly çyra — «Google»-niň täze synagy

Adatça, ses kömekçilerini işläp taýýarlaýan kompaniýalar ýagtylandyryş ýa-da durmuş enjamlaryny döretmeýärler. Olar bu işi özleriniň hyzmatdaşlaryna goýýarlar. Ýöne «Google»-de akylly çyra işläp taýýarlamagy synag geçirmegi ýüreklerine düwdüler. Bu barada «vesti.ru» ýazýar.

«dLight» çyrasy («d» harpyndan /belki, «digital» — «sanly» sözüniň  gysgaldylan görnüşidir/ «light» — «ýagtylyk» söz oýnadylýandyr. Ol «delight» — «täsin galyş» diýlip okalýar)  ultra häzirki zaman minimalistiki dizaýnynda ýerine ýetirilen. Ähli elementleri üçin ak reňk ulanylan. Onda deň derejeli ýagtylandyryşy üpjün edýän ýalpyldysyz aýnanyň aňyrsynda oturdylan ýagty berýän diody ýagtylygyň çeşmesi hökmünde ulanylýar.

Çyrany stoluň üstüni ýagtylandyrmak üçin adatdakysy ýaly ulansa-da, widekonferensiýalar geçirilýän wagty ýüze öwrüp, suratyň hilini ýokarlandyrmak üçin hem ulanyp bolýar. Enjam internete hem çatylýar (şol sanda, proşiwkasyny täzelendirmek üçin) we «Google Assistant»-iň ses kömekçisi bilen hem ylalaşyp işläp bilýär. Iýmitlendirmäge çatmak üçin USB-C porty ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: