BIZE YAZYARLAR

«Akylly» Arkadag şäher hemmeleriň ünsüni özüne çekýär

2019-njy ýylyň 4-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň täze bir şäheriň gurluşygy barada taryhy Karara gol çekmegi bilen badalga berlen «akylly» şäheriň birinji tapgyry şondan köp wagt geçmänkä, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda gurlup, dabaraly ýagdaýda açyldy. Ady-owazasy dünýä dolan «ýaşyl» tehnologiýaly «akylly» şäher 11 jemgyýetçilik, 258 ýaşaýyş jaý, 25 edara, 9 saglyk we sport binalary, 19 bilim edarasy, 14 inženerçilik ulgamy we desgalary bilen hemmeleri haýrana galdyrdy. Medeni-durmuş we beýleki maksatly binalaryň 336-sy bolan täze Arkadag şäheriniň birinji tapgyry iň bir häzirki zaman awtoulag serişdeleri, elektromobilleri bilen «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky Güwänama» mynasyp boldy. Bu ýetilen sepgit barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz, hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýeti bardyr. Biz häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bilen berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam etdireris» diýip belleýär.
Elbetde, häzirki zaman «akylly» Arkadag şäherinde iň bir häzirki zaman edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem-de ol ýerde tebigy gözelligi saklamak üçin «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy biziň üçin täsin, diýseň haýran galdyryjy täzelikleriň biridir. Arkadag şäheriniň öran gysga döwürde gurulmagy, özem onuň gurluşygynda ulanylan gurluşyk materiallary bolan sementiň, demirbeton önümleriniň, bezeg daşlarynyň, polimer, aýna önümleriniň… hut öz ýurdumyzda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalary tarapyndan öndürilip berlendigi biziň depämizi gök diredýär.
Gurlup ulanmaga berilýän iň bir häzirki zaman, halkara derejesinde ykrar edilen ýokary ülňülere gabat gelýän, şäher gurluşyk syýasatynyň talaplaryna laýyk gelýan binalary bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly ilerleýän Arkadag şäheri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha artýan kuwwatynyň nä derejede ýokarydygyny görkezýär. Arkadag şäherinde adamlaryň gowy ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, nesilleriň oňat okamagy, sport bilen meşgullanmagy hem döredijilikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi eziz Diýarymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, başlangyç tagallasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde Merkezi Aziýada ilkinji «akylly şäher» hökmünde gurlan Arkadag şäheri bu ýere gelýänlere gujagyny giňden açýar. Ol ekologik taýdan arassa ýerde, gojaman Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyz Aşgabatdan ýakyn uzaklykda ýerleşýändigi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýar. Üstesine-de bu ýerde tebigy gözelligiň saklanyp galmagy bilen, «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy hemmeleriň hoşuna gelýär. Bu ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan Arkadag şäheri häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryny özünde jemleýändigi bilen hem şäherleriň köp sanlysyndan görnetin tapawutlanýar.
Ösen, döwrebap şäher hökmünde binalary ör-boýuna galan Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzümleri, yşyklandyryş ulgamy, elektrobuslar, elektromobiller gatnawy, awtoulaglary goýmak üçin «akylly» awtoduralgalary, gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy arkaly döwrüň ýokary durmuş medeniýetiniň gözellik dünýäsini üpjün edýän- digi bu ýere gelýan hormatly myhmanlar üçin üýtgeşik täzelikdir. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurluşyklaryň bökdençsiz alnyp barlandygy, şeýle täze, döwrebap Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň hem heniz görlip eşidilmedik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň saparlarynyň yzygider amala aşyrylýandygy, onuň dokuzynyň düzüw bolmagy babatdaky işleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan gözden salynmaýandygy öz oňyn netijesini berýär. Täze, häzirki zaman welaýat merkezi bolan Arkadag şäheriniň şähergurluşygyň toplumlaýyn ulgamyny öz içine alýandygy onuň tapgyrlaýyn dowam etdiriljek gurluşygynda säwliklere ýol berilmezligi üçin esas bolup hyzmat edýär.
Bu ýerde gurluşygyň ilkinji iki tapgyrynda 415,4 kilometr agyz suwy, suwaryş akabalary, sil suwlaryny sowujy düzüm, suwuň derejesini peseldiji ulgamyň hem lagymyň geçirilmegi, onlarça kilometr gaz geçirijisiniň, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, elektrik geçirijileriniň gurlup ulanmaga berilmegi, häzirki zaman elektroulaglaryň hyzmatyndan geregiçe peýdalanylmagy nä derejede ösen döwletde ýaşaýandygymyzy görkezýär.
Häzirki zaman sport meýdançalary, manežleri, athanalary bolan, Halkara ýokary atçylyk okuw mekdebini, döwrebap sport toplumlaryny, ylmy-önümçilik merkezlerini, hasam ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ýörite binalary öz içine alýan, orta, başlangyç we orta hünar, çagalar sungat, ýörite çeperçilik okuw mekdepleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, hassahanalary, Ruhyýet, medeniýet köşkleri, drama teatry, seýilgähleri, söwda hem dynç alyş merkezleri bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda gurlup ulanmaga berilmegi Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda eziz Diýarymyzy syýasy, ykdysady hem medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işlerini ýokary derejelerde alyp barmakda, ýaşaýyş üçin diýseň amatly şertler döredilen şäheri gurmagyň nusgalyk ýoly bolup ör-boýuna galdy.

MATÝAKUBOWA Mädinä,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 107-nji okuw toparynyň talyby.