Akyldaryň şygyrlary — ýaşlaryň terbiýe mekdebi
Adamzat durmuşynyň gymmaty onuň alan terbiýesinde, görüm-göreldesinde jemlenýär. Hut şonuň üçin hem islendik maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilýär. Bu meselede gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmek, onuň wesýetlerine eýermek häzirki wagtda-da her bir türkmen maşgalasynda gabat gelinýän ýagdaýdyr. Kämil, Watana wepaly, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine ygrarly şahsyýetleri kemala getirmek maksady bilen biz hem körpeler bilen geçýän sapaklarymyzda dana şahyrymyzyň edebi döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Ýaş nesil bilen alyp barýan okuw-terbiýeçilik işlerimizde Magtymguly atamyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan öwüt-ündewlerine, wesýetlerine salgylanýarys.
Nesillerde bizi gurşap alan tebigata söýgi döretmek, olaryň sagdyn durmuş şertlerini berjaý etmeklerini gazanmak, beden sagdynlygyny berkitmek, ýagşy gylyk-häsiýetleri özlerine hemra edinmeklerini ündemek maksady bilen geçirýän terbiýeçilik işlerimizde dana şahyrymyzyň nakyla öwrülen setirlerini körpelere öwredýäris.
- Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp derejesi zor bolar.
- Sabyrly gul dura-bara şat bolar.
- Mert çykar namarda güler ýüz bilen.
- Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun.
— Akyl bolsaň söz aýtmagyl, nobat berilmegen ýerde.
- Kitap okan gullar magnydan dokdur.
- Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen.
Şeýle hem çagalar bilen gündelik geçýän terbiýeçilik işlerimizde Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, ulyny hormatlamak, dost-doganlyk, agzybirlik, öwüt-nesihat häsiýetli goşgularyny körpelere okap berip, olaryň manysyny we şahyryň öwütlerine eýermegiň ähmiýetini sada dilde düşündirýäris. Şeýle-de gündelik alyp barýan bu işlerimizi sahna oýunlary bilen hem baglanyşdyrýarys.
Nasiba Hamdamowa,
Çärjew etrabyndaky 27-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.