Ýaş hünärmen hökmünde okuwçylaryň daşary ýurt dilini kämil derejede öwrenmekleri üçin gyzykly maglumatlary iş tejribämde ulanýaryn. Nesilleriň bilimleri özleşdirmekleri üçin dynç almagyň, gije rahat uklamagyň ähmiýeti uludyr.
Alymlar ömür üçin ukynyň neneňsi täsir edýändigi barada anyk bir pikire gelmän, dürli pikiri öňe sürýärler. Çaga gije-gündizi üçden iki bölegini uklap geçirýär.
Uky ýadawlygyňy göýä özüne sorup alyp galyp, saňa hyjuw, güýç, göwnühoşluk berýär. Ýöne ýadawlygyňy gijäniň içinde galdyryp, ýerine gujur-gaýrat almak üçin özüňi ukynyň ygtyýaryna bermeli. Ukyňy doly alyp bilmeseň, onda şol gün iş edip, adamlar bilen gürleşip wejiň bolmaýar. Gijäniň edil özi deýin, onuň gözelligi-de syrly.
Ýaş çagalar bir gije-gündizde on alty sagat ýatýarlar, adam alty ýaşynda on bir sagat, ýigrimi ýaşdan soň ýedi-sekiz sagat ýatýar. Adam garranda gije az ýatýar. Günortan birazajyk pinek edenini kem görmeýär. Petr I, Napoleon, Gumbold, Mirabo, Şiller, Gýote, Behterew, akademik Wawilow, Edison üç, käte iki sagat uky bilen çäklenipdirler.
Bir ýerden nämedir bir zady «tapmak» barada ezýetli pikir etmek bolar. Bethoweniňki ýaly, karetada uklap, kanon düzüp bolar ýa-da söweşiň öň ýanyndaky gijede rezerw polk üçin has amatly ýer tapyp bolar…D. I. Mendeleýew öz jedweliniň gutarnykly görnüşini düýşünde görüpdir. P.W.Annenkow birnäçe goşgynyň Puşkiniň düýşüne girendigini tassyklaýar. «Ol irden turup, näme etmelidigini eýýäm anyk bilýärdi. Onuň çarçuwada çekjek bolýan zatlary gözüniň öňünde aç-açan görnüp durdy…» diýip, Feýhtwanger Gýote hakynda-da ýazypdy. R.Wagner özüniň belli «Tristan we Izalda» atly operasyny düýşünde döredipdir. Oýanyp, operasyny aňsatlyk bilen nota geçiräýipdir. Dünýäniň küşt boýunça on ikinji çempiony A. Karpow oýnan döwleriniň biriniň utuşly göçümini düýşünde görüpdir.
Ý. A. Gagariniň bar zady aňyndan aýryp bilendigi, her hili ýagdaýda belli bir wagta çenli irkilmegi başarandygy barada ýazypdyrlar. Jon Kennedi käte mejlisleriň arasyndaky arakesmelerde kürsüsinde on-on bäş minut uklaýan eken, onuň öz sözlerine görä, şonda bir käse ajy kofe içenden hem nepesini gowy durlap, işini dowam etdirýän eken.
Çarlz Dikkens haýsy myhmanhana, haýsy öýe barsa, ýatjak ýatalgasyny hökman demirgazyga öwrüp goýupdyr. Ol Ýeriň magnit meýdanynyň demirgazykdan günorta aýlanýandygyny bilýän eken, ukuda hem şol ýagdaý berjaý edilmeli diýip ynanýan eken.
Bir ýugoslaw daýhanynyň kelle süňküne çagalykda düýpli şikes ýetipdir, şol şikes sebäpli ol soňky döwürde uklamakdan galypdyr, oňa derek matematika bolan ukyby ýüze çykypdyr. Leglekler uzak ýurda göçüş edenlerinde uçup barýarkalar, uklaýan ekenler. Uklamakçy legek uçup barýan leglekleriň toparynyň ortasyna geçmeli eken. Toparyň ortasyna geçmek, «uklajak diýmegi» aňladypdyr. Men gürleşip oturan adamyň gürrüň arasynda uklap bilýändigini gördüm. Bu, elbetde, nerw sazlygynyň alamaty bolsa gerek.
U. Çerçillden uzak ýaşamasynyň syryny sorapdyrlar. Şonda ol uzak ýaşamasynyň sebäbini şeýle düşündiripdir: «Oturyp bolýan wagty turjak bolmadym, ýatyp bolýan çagtam oturjak bolmadym». Umuman her kimiň uklamak, dynç almak ukyby meňzeş däl. Şonuň üçin bilimleri kämil ele almak isleýänlere näçe wagtlyk ukynyň gerekdigini beýnisi dogry kesgitläp biler.
Aýhan HALNAZAROWA,
Çärjew etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

