MEDENIÝET

«Akyl giňişliginde» lebaply kitaphanaçylar Kuboga mynasyp boldular

Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan geçirilen «Akyl giňişligi» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi boldular. Bu ýeňiş üçin olara Hormat hatlary we ýörite Kubok gowşuryldy.
Eýýäm birnäçe ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bäsleşigiň ahyrky bölümleri Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky iri kitaphanalaryň işgärleriniň arasynda geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde welaýat kitaphanasynyň topary ýurdumyzyň beýleki sebitlerine wekilçilik edýän bäsdeşlerini ýeňip, Daşoguz welaýat kitaphanasyndan gatnaşýan kärdeşleri bilen finala çykdylar. Ýeňijini kesgitleýän aýgytlaýjy bölümde-de gündogarly kitaphanaçylar özleriniň başarnygyny we zehinini aňryýany bilen subut edip, bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: