YKDYSADYÝET

«Aksuw» hojalyk jemgyýeti önümini daşary ýurtlara iberýär

«Aksuw» hojalyk jemgyýeti önümlerini Özbegistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna hem eksport edilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Deri önümçiligi bilen meşgullanýan «Aksuw» hojalyk jemgyýetinde her gün 10 tonna önüm öndürmäge mümkinçiligi bar. Hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynyň çägindäki iri şahly mallaryň deri önümlerini gaýtadan işläp çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasynda taýýar we ýarymtaýýar deri önümleri öndürilýär. «Aksuw deri» haryt nyşanly taýýar we ýarym taýýar deri önümleri rahatlygy, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: