YKDYSADYÝET

«Akpamyk» kärhanasynda lukmançylyk pamygynyň 60 tonnasy öndürildi

Türkmenabat şäherindäki «Akpamyk» kärhanasynda şu ýylyň geçen üç aýynda 1 million 797,7 müň manatlyga ýakyn önüm öndürildi.

Bu ýerde lukmançylyk pamygy, dokma materiallardan pamyk we ondan ýasalýan önümler, şeýle-de gaýry zatlarda ulanmak üçin niýetlenen pamyk öndürilýär.

Şu döwürde «Akpamykda» jemi pamyk önümleriniň 812 tonnasy öndürildi. Onuň 60 tonnasy lukmançylyk pamygy, 752 tonnasy gaýry zatlarda ulanylmaga niýetlenen pamykdyr. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkisinden pamyk önümleriniň  57 tonnasynyň artyk öndürilendiginden habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: