Türkmenistanyň halk artisti, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna ussady Akjagül Suhanowa 1-nji sentýabrda bu sungat ojagyndaky 47-nji teatr möwsümini garşylady. Bu barada ol şol gün täze möwsümiň açylyş dabarasynda «Jeyhun.news»-iň habarçysy bilen eden
gürrüňdeşliginde aýtdy.
― Ýokary okuw mekdebiniň ahyrky ýylynda okap ýörkäk, biziň toparymyzyň tutuşlygyna şol wagtky Çärjew şäherinde açyljak täze teatrda işlejekdigi aýdyldy. Ählimiziň täze sungat ojagynyň düýbüni tutmaga taýýar bolmagymyzy sargadylar ― diýip, ussat talyplyk ýyllaryny ýakym bilen ýatlaýar.
Şeýlelikde, Akjagül Suhanowadan başga-da, Türkmenistanyň halk artistleri Çary Berdiýew, Kadyrberdi Atabaýew ýaly ussatlar ― ozalky topardaşlar geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda häzirki Türkmenabat şäherindäki welaýat teatrynyň düýbüni tutýarlar. Bu ýerde sahnalaşdyrylan ilkinji eser hem serkerde şahyr Seýitnazar Seýdä bagyşlanýar. Soňra şahyryň ady teatra berildi.
Akjagül Suhanowa bir sahnada 47-nji möwsümini garşylady
02
Sep
