YKDYSADYÝET

«Akgala» daýhan birleşigi Halaç etrabynda ilkinji bolup bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny doldy

«Akgala» daýhan birleşigi Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi.

Hojalyk boýunça 1535 gektar meýdana bugdaý ekilip, ondan 4300 tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Bu meýilleşdirileninden 400 tonna artykdyr. Bu zähmet ýeňşine 731 kärendeçi özüniň goşandyny goşdy. Daýhan birleşiginde entek oragyň dowam edýändigi barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ozal Darganata etrabynyň daýhanlary bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaryny berjaý edipdiler. Şonda 2300 gektarda dänelik ekini ýetişdiren kärendeçiler 5325 tonna hasyl ýygnapdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: