Ak ýollar — nurana ýollar
«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen geçirilen biraýlygyň dowamynda guralan möhüm çäreleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünleriniň tertibini we kadalaryny ýaş nesle içgin düşündirmeklige gönükdirilen çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şu maksat bilen biz hem körpeleriň arasynda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen degişli meýilnama esasynda dürli mazmunly çäreleri geçirdik. Şonuň ýaly-da, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet derejesinde alnyp barylýan çäreleri wagyz etmeklige hem işjeň gatnaşdyk. Çünki ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilişine gözegçiligiň güýçlendirmek, bu ugurdaky talaplaryň berjaý edilmegini gazanmak ilkinji nobatda, jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny we onuň ömrüni goramakda aýratyn orna eýedir.
Geçirilen çärelerde edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, berkarar döwletimizde ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde halkara ülňülerini laýyk gelýär aýna ýaly tekiz ýollary gurdurmak, olarda ulaglaryň we pyýadalaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň bir bölegini düzýär. Şeýle hem awtomobil ýollarynda, çatryklarda ýol belgileriniň, ýol yşyklarynyň sazlaşykly işlemegine gözegçilik edilmegi, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine sanly ulgam esasynda gözegçilik edilmegi hereketiň howpsuz we sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Biz mundan beýläk-de raýatlarymyzyň rahatlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilýän şeýle netijeli işlerden çetde durmarys.
Gülnabat Geldiýewa,
Çärjew etrabyndaky 28-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.