JEMGYÝET

Ak şäherim Aşgabat!

          Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Garaşssyzlygynyň geçen 30 ýylynyň içinde Aşgabat şäherimiz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň, möhüm teklipleriniň netijeleri häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşinde aýdyň şöhlelenýär. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny ösünde jemleýän paýtagtymyz Aşgabatda binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaklyga, zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmeklige aýratyn üns berilýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ýaly ähli amatlyklar döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglyga bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde kalbyňda ata Watanymyza söýgiň, Hormatly Prezidentimize bolsa bitirýän beýik işlerine buýsanjyň goşalanýar, durmuşyň has-da gözelleşýär. Owadan paýtagtymyz Aşgabada gelýän myhmanlary haýran galdyrýan özboluşlulyk bar. Arassalyk babatda aýdylanda bolsa, paýtagtymyzyň ähli künjegi hat-da awtoulag we pyýada ýodalaryndaky ýada ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň töweregindäki, gözüňi dokundyrýan ak bazarlaryndaky tämizlikde islendik adamyň gözi eglenýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň „Döwlet adam üçindir!“ diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyz amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşyny üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyzda binalarň gurluşyklary häzirkizamanyň ösen tehnologiýalaryna daýanyp amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň baş şeheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat milli Liderimiziň çuň parasaty bilen çalt depginlerde ösýän häzirki zamanyň iri şäherlerine öwrülip, dünýäniň şäherleriniň iň owadanlarynyň biri hasaplanýar we ol ýaşamak üçin amatlylydygy hökmünde ykrar edilýär. Ajaýyp binagärligi babatda sungat derejesine ýetirilen paýtagtymyz bitirilýän beýik işler bilen halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär.

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny döretmek bilen aýratyn-da ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmeginde, watançylyk duýgularyň kemala getirilmeginde ähmiýeti örän uludyr. Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady ösüşleriň belent belent derejesine ýetirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Biz ýaşlar guramalarynyň hünärmenleri eziz Arkadagymyza bizi eşretli durmuşda ýaşadýandygy üçin köp sagbolsun aýdýarys. Biz elmydama sizi ýol-ýörelgäňize eýerýäris mähriban Arkadagymyz!

                                 

Şöhrat Kadyrow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň bölüm müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: