BIZE YAZYARLAR

Ak şäherim Aşgabat

Köpetdagyň gujagynda ýerleşýän paýtagtymyzyň şaýollary daglaryň gujagyna tarap uzaýar. Bu şäherde topraga aşyk bolan sowulmaýan ýüpek ýazlar höküm sürýär. Leýlisaçlary sülmüräp, serwi agaçlar näz edende ýaş juwanlar messan basyp, Aşgabat agşamlaryna seýle çykýarlar. Paýtagtymyz bu gün nura aýlanyp, täze müňýyllygyň aýdymyny aýdýar. Dünýä syýahatçylygynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýän Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Bu şäheriň şaýollary edil türkmeniň meşhur mukamlary ýaly gije bilen gündizi ýakymly sazlara bezeýär. Gulaga hoş ýakýan heňler bolsa, biziň durmuşymyz ýaly süýji. Owadan şapaklary köze meňzeş, her gün aklyk  bolup atýan ak daňlarda asudalygyň nyşany bar. Göge salam berýän suw çüwdürimleri bolsa, älemgoşarly asmanda ýyldyrymlar lowurdap gidende ak  çabgalara öwrülip, şahyryň dilinde gürleýär. Al asmanda şaglap duran çynarlaryň asyrlara barabar ömri bar. Parahatçylygyň ojagy, işewürlik we medeni merkez hökmünde tanalýan Aşgabadyň daşky gözelligi göreni haýran galdyrýar. Bu şäherde umumadamzat bähbitli başlangyçlar öňe sürülýär.

Paýtagtymyzyň keşbinde Garaşsyz Diýaryň ösüşleriniň many-mazmuny jemlenipdir. Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň söýgüsi, yhlas-aladasy bilen dünýäniň iň gözel, arassa şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol kitaba girizilen täsinlikleriň hatarynda «Altyn asyr» atly äpet halynyň, dünýäde iň beýik flagşdokdaky türkmeniň ýaşyl Baýdagynyň, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezindäki ägirt uly Oguz hanyň ýyldyzynyň şekiliniň, «Älem» medeni –dynç alyş merkeziniň synlaýyş aýlawynyň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň ýokarsyndaky iň uly haly gölüniň, Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň bardygy aýratyn bellärlikldir. Bu şäher ýurdumyzyň özüşlerini, türkmeniň gaýtalanmajak medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýýar.

Gündogaryň göwher gaşyna deňelýän ak şäheriň barha gözelleşýän demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda binalaryň gurluşygy dowam edýär. Milli Liderimiziň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda gurlan köşkler toplumlary we seýilgähler, şaýollar biri-biri bilen sazlaşyp, ajaýyp mukamy ýada salýar. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty, we Türkmen halysynyň muzeýlerinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we halkymyzyň taryhy, milli mirasy bilen baglanyşykly gymmatlyklar şäheriň myhmanlarynda uly gyzyklanma döredýär. «Arkadag», «Ýyldyz», «Abadançylyk», «Ylym», «Ak bugdaý», «Saglyk» we beýleki binalar Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk çözgütleriniň baş maksatnamasynyň amala aşyrylýanlygyna güwä geçýär. Gindiwara ýaraşyk berýän Saglyk ýolunyň çar tarapynda ösüp oturan ýaşyl arçalar seriňi durlap, kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýar.

Bu şäherde her bir binanyň manysy okap oturmaly ajaýyp eser. Uçup barýan ak guşlar bu şäheriň parahatçylygyň merkezidigine güwä geçýär. Gür baglaryň şelpeleri türkmeniň owadan kalbynyň owazy bolup dünýä dolýar. Aşgabat ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem, iki yklymyň galtaşýan örän wajyp çatrygydyr.

Sungatyň ajaýyp eserini ýatladýan Aşgabat sazandanyň ruhyňy baýlaşdyrýan sazyny, aýdymçynyň hoş owazyny, şahyryň çeperçilige ýugrulan şygyrlaryny ýatladýar.  Bu şäheriň her daragtynyň waspy dessana, her gülüniň manysy şygra sygmaýar. Ýurdumyzyň göwher jygasy hakynda döredilen eserler dowamata ýar bolýar.

Bahargül Ahmedowa,

Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň nemes dili mugallymy.