BIZE YAZYARLAR

Ak şäherim, Aşgabat!

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşyny üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyzda binalaryň gurluşyklary häzirkizamanyň ösen tehnologiýalaryna daýanyp amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen çalt depginlerde ösýän häzirkizamanyň iri şäherlerine öwrülip, dünýäniň şäherleriniň iň owadanlarynyň biri hasaplanýar we ol ýaşamak üçin amatlylydygy hökmünde ykrar edilýär. Ajaýyp binagärligi babatda sungat derejesine ýetirilen paýtagtymyz bitirilýän beýik işler bilen halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär.

Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady ösüşleriň belent belent derejesine ýetirýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Biz ýaşlar Arkadagly Serdarymyza bizi eşretli durmuşda ýaşadýandygy üçin köp sagbolsun aýdýarys. Biz elmydama sizi ýol-ýörelgäňize eýerýäris mähriban Arkadagly Serdarymyz!

Merjen Atahanowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: