BIZE YAZYARLAR

Ak mermerli Aşgabat

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylyk söýüjiliginiň we ykdysady-medeni kuwwatynyň aýdyň şöhlelenmesi bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň güni uly ruhubelentlik, dabaralar bilen guramaçylykly bellenilýär. Aşgabat şäheri milli medeniýetimiziň, nusgawy sungatymyzyň we döwrebap binagärligiň bitewi bir sazlaşykda lowurdaýan, şugla saçýan mekanydyr. Baýramçylyk günlerinde medeniýet merkezlerinde, muzeýlerde we sergi zallarynda şäheriň gözelligini, taryhyny we şu gününi görkezýän suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň taslama sergileri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň ýüregi, ylym-bilimiň we medeniýetiň iň belent ojagy bolan Aşgabat şäheri şu gün özüniň ajaýyp gözelligi, döwrebap we nusgawy sungaty utgaşdyrýan keşbi bilen ähli türkmen halkyny aýratyn hem döredijilik we medeniýet wekillerini täze ylham joşgunlaryna, beýik üstünliklerine ruhlandyrýar.
Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde giren paýtagtymyz, özüniň pelsepewi keşbi bilen dünýä medeniýetinde aýratyn orun tutýar. Bu şäheriň gurluşyk-binagärlik sungaty özboluşly bir sungat eseridir. Giň şaýollar, asmana sary uzaýan ymaratlar ynsanda belent estetik duýgulary oýarýar. Aşgabat-zehinli ýaşlaryň, sungatyň we ylmyň özenidir. Bu merjen şäherde geçirilýän halkara maslahatlar, medeni forumlar we dünýä derejesindäki sergiler Türkmenistanyň halkara medeni giňişlikde tutýan ornuny has-da berkitmek bilen, biziň baý medeni mirasymyzyň dünýä medeniýetine goşýan ägirt uly goşandyny aýdyň şöhlelendirýär.
Ak mermer şäherimiziň her bir künjegindäki aýdym-saz çeşmeleri, nusgawy şahyrlarymyzyň we taryhy şahsyýetlerimiziň heýkelleri ýaş nesli watançylyk, gözellik, ýokary hünär medeniýeti ruhunda terbiýelemekde uly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şu şanly baýram gününde, biziň kalbymyz buýsançdan we minnetdarlykdan doly. Dünýäni haýrana goýýan, ak mermere beslenen, medeniýetiň we sungatyň şeýle ajaýyp, gözel şäherini döredip, ony bize sowgat beren halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs kalbymyzdan, çuňňur hormat bilen sagbolsun aýdýarys! Türkmen medeniýetini dünýä tanadýan, sungat we bilim işgärlerine döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Goý, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat hemişe dünýäniň iň gözel, parahat we sungatyň şugla saçýan mekany bolup galsyn!

 Irina LUSENKO,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Hor dirižýorlugy” bölüminiň mugallymy