BIZE YAZYARLAR

Ak mermerli Aşgabat — parahatçylygyň we gözelligiň belent nusgasy

Her bir ynsan öz dogduk mekany, onuň taryhy we şu güni bilen guwanýar. Biz — mugallymlar we bilim işgärleri üçin bolsa Gündogaryň merjeni diýlip atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheri diňe bir gözelligiň däl, eýsem ylmyň, bilimiň we halkara hyzmatdaşlygyň hem ak şäheridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak we döretmek üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrüldi.
Aşgabat özüniň üýtgeşik binagärlik gurluşy bilen dünýäni haýran galdyrýar. Dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi, paýtagtymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. Şäheriň her bir künjegindäki owadan seýilgähler, çüwdürimler toplumy, belent binalar we döwrebap ýol-ulag düzümleri ynsan kalbynda Watana bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Bu gözel binalar şähere diňe bir owadanlyk bermän, eýsem halkymyzyň ýokary medeniýetiniň we estetiki gurnawynyň hem nyşanydyr.
Paýtagtymyz diňe bir döwlet dolandyryşynyň däl, eýsem ýurdumyzyň ylym-bilim durmuşynyň hem ýüregidir. Häzirki wagtda Aşgabatda dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze okuw binalary, uniwersitetler we institutyň şäherjikleri ýerleşýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem bu bilim ojaklarynyň içinde aýratyn orna eýedir.
Biz Dil öwreniş bölüminde talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek bilen, olaryň diňe bir kämil hünärmen bolman, eýsem paýtagtymyza we eziz Watanymyza mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerini maksat edinýäris. Şäherimiziň halkara derejesindäki maslahatlara, simpoziumlara we sport bäsleşigine yzygiderli hosting etmegi, biziň talyplarymyz üçin dilleri janly aragatnaşykda ulanmaga, dünýä wekilçilikleri bilen tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler açýar.
Aşgabat — bu parahatçylygyň şäheridir. Onuň parahat we asuda köçelerinde gezelenç edeniňde, adamlaryň ýüzündäki bagtyýarlygy we asudalogy duýup bolýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk statusynyň şanly taryhy hem hut şu şäher bilen berk baglydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabadyň birnäçe gezek parahatçylyk we ynsanperwerlik başlangyçlarynyň merkezi hökmünde ykrar edilmegi, döwletimiziň halkara syýasatynyň durnuklylygyny görkezýär.
Biz — mugallymlar hökmünde, ýaş nesillere Aşgabadyň gözelligini söýmegi, onuň medeni we taryhy gymmatlyklaryny goramagy öwretmegi özümiziň mukaddes borcumyz hasaplaýarys. Sebäbi bilimli, medeniýetli we watansöýüji ýaşlar ak şäherimiziň geljekki şöhratyny has-da belende göterjek güýçdür.
Gözelligi dünýäni bende edýän paýtagtymyz Aşgabat mundan beýläk-de parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň şäheri bolup güllesin! Bize şeýle gözel şäherde ýaşamağa we zähmet çekmäge giň şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Gözel HOJAGELDIÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy.