Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we welaýatyň Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň uçurumlary 25-nji maý soňky jaň dabarasy mynasybetli gezelençde bolup, kitaphanada gurnalan “Ak mekdepden uly durmuşa” şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat-watanymyzyň tylla jygasy” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergilerine, döwrebap tekjelerinde ýerleşdirilen kitaplara syn etdiler. Gezelenjiň dowamynda ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Ak mekdepden uly durmuşa
23
May

