SPORT WE SYÝAHAT

Ak kartoçka — futbolda minnetdarlygyň belgisi

Futbolda ak kartoçkanyň görkezilmegi, birbada, akla sygmajak ýaly. Sebäbi bu oýnuň muşdaklary duýduryş üçin haýsy reňkdäki kartoçkalaryň ulanylýandygyny bilýärler. Görlüp oturylsa, şeýle kartoçka, hakykatda hem, bar eken, ýöne häzirlikçe, diňe synag görnüşinde.

Ony birinji gezek 21-nji ýanwarda Portugaliýada zenanlaryň «Benfika» we «Sportiň» (5;0) arasynda geçirilen ýaryşda görkezdiler. Oýun gidip duran wagty futbolçylaryň biri özüni ýaramaz duýup başlady. Şonda oňa kömek bermek üçin iki toparyňam lukmançylyk brigadalary orta çykdylar. Oýunçy gowulaşandan soň emin minnetdarlyk hökmünde lukmanlara ak kartoçka görkezdi.

Halkara futbol federasiýasy ak kartoçkalary ulanmagy synag hökmünde Portugaliýada girizdi. Ony arassa oýun üçin oýunçylara minnetdarlyk bildirmek we sportuň etiki gymmatlygyny beýgeltmek üçin ulanmak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: