YKDYSADYÝET

«Ak Bulut» täze önümleri bilen paýtagtdaky sergä gatnaşdy

Önümçilik işiniň bir bölegini Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde alyp barýan «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergä gatnaşdy.
— Biz sergä öndürýän gipsokarton, metal görnüşindäki asma potoloklary, gurluşyk gury garyndylary, gurluşyk gipsi, şeýle-de çyryşlaryň dürli görnüşini getirdik. Bu gurluşyk önümlerimiz Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Malaýziýa ýaly ýurtlaryň
işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi. Olaryň aglabasy geljekde biziň bilen söwda etmek meýilleriniň bardygyny aýtdylar. Ýeri gelende belläp geçsem, häzirki wagta çenli hojalyk jemgyýetimiziň önümleri Özbegistan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Öz ýokary hilli
önümlerimiz bilen daşary ýurtlarda geçirilýän söwda sergilerine-de işjeň gatnaşýarys. Biziň esasy maksadymyz bolsa öz milli önümlerimizi daşarky bazarlarda has giňden tanatmakdan ybaratdyr. Munuň üçin döwlet Baştutanymyz ähli amatly şertleri döredip berýär ― diýip, hojalyk jemgyýetiniň
wekili welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.