Ak altynly pellerde hasyl ýygnalýar
Oba hojalygynda örän jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň dowam edýän möwsüminde ak altynyň ýekeje gozasyny hem isrip etmän ýygnamak üçin jan aýaman zähmet çekilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna ak pata bermegi bilen başlanan pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam edýär.
Oba hojalygynyň iň esasy pudagynyň biri bolan pagtaçylyk pudagy Agrosenagat toplumynda hem esasy orny eýeleýär. Pagta hasylyny ak altyna deňeýän türkmen halkymyz häzir pagta ýygymyny gyzgalaňly alyp barýar. Welaýatymyzyň pagta meýdanlarynda daýhanlaryň çeken zähmediniň rähmedi bugun öz miwesini berýär. Geçen ýyl hem döwlet tabşyrygyny artygy bilen Watan harmanyna tabşyran lebaply kärendeçiler bu ýylda hem pagta hasylynyň ýokarydygyny uly buýsanç bilen belleýärler.
Häzirki döwürde pagtaçylyk ýurduň JIÖ- ni emele getirmekde, senagat pudaklaryny çig mal bilen üpjün etmekde möhüm orun tutup, ykdysady we durmuş wezipeleriň çözülmegine oňaýly şert döredýär. Mälim bolşy ýaly, bir tonna pagtadan 300 metr mata, 100- 110 kg ýag, 200- 240 kg sarun we 30 kg sabyn alynýar. Gowaçadan jemi 150 –den gowrak önüm alynýar. Gowaçanyň çigidinden gymmatbahaly önüm almak mümkin. Olardan iýmit we tehniki serişdeler üçin ýag, sabyn, olif, gliserin, stearin we beýleki önümleri alyp bolýar. Ýagy aýrylan galyndylardan mallaryň iýmiti üçin sarun, şrot we başga-da birnäçe önümler öndürilýär.
Pagtanyň çig mal görnüşinde däl-de, ahyrky sarp edişiň taýýar önümi görnüşinde bazara çykarylmagy pudagyň girdeji berijiligini 18 esse ýokarlandyryp bilýär. Şonuň üçin ýurduň pagtaçylyk sebitlerinde nah egirme- dokma we tikinçilik kärhanalary köp mukdarda bina edilýär. Häzirki döredilen kuwwatlyklar ýurtda öndürilýän pagtanyň ýarysyndan gowragyny senagat taýdan çuň işlemäge mümkinçilik berýär.
Şahla Hemraýewa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby