JEMGYÝET

«Ak altyn» tans topary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy

 Kerki etrabynyň medeniýet bölüminiň «Ak altyn» tans topary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran «Türkmeniň milli toý däp-dessurlary» atly bäsleşiginde döwlet derejesinde ýeňiji boldy. Topar bäsleşige «Alkyş toýy» atly folklor çykyşy bilen gatnaşdy.

Medeniýet bölüminiň döredijilik işgärleri repertuarlarynyň üstüni täze eserler bilen doldurmagyň üstünde yzygider işleýärler. Ýaňy-ýakynda «Ak altyn» tans topary «Çapak», «Dutaryň waspy», «Küştdepdi» tanslaryny, «Zemin nagmalary» folklor topary «Gül Watanyň goýnunda, Garaşsyzlyk toýunda» atly folklor eserini, etrap medeniýet merkeziniň «Zenan joşguny» döredijilik topary «Toý şowhuny», «Aýdymlar çemeni» ýaly çykyşlaryny, aýdymçylardyr bagşy-sazandalar bolsa täze-täze aýdymdyr sazlaryny taýýarladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: