Ajy duzuň bejerijilik häsiýetleri
Örän turşumtyk we ajy tagamly zäk has irki döwürlerde Hytaýda we Müsürde ulanylyp başlanypdyr. Bu barada rimli taryhçy Plinusyň ýazgylarynda hem gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. Sekizinji ýüzýylllykda Messomatamiýadaň, 1248-nji ýylda Neapolda zäk öndürýän kärhanalar gurlupdyr. Soňky asyrlarda Germanýada, Angliýada we Ýewropanyň köp döwletlerinde zäk öndürmeklige uly ähmiýet berlipdir
Lukmançylyk ylmynda zäk agyryny, ýakymsyz yslary aýryjy, mörjewleri ýok ediji, dürli keselleri bejeriji serişde hökmünde ulanylýar. Gündogar lukmanlarynyň bir Mahmyt Zamahşary süýjülik keselinde döreýän ýaralary zäkli suw bilen bejerilýändigi baradaky maglumatlary ýazyp galdyrypdyr.
Zäge başgaça ”ajy duz” hem diýýärler. Türkmen gelin-gyzlary ýüplükdir ýüň boýalanda reňkiniň solmazlygy üçin ony zäkli suw bilen çaýkaýarlar. Zägiň gany duruzyjy, ýakymsyz yslary aýryjy häsiýetiniň bardygyny hem aýtsak artykmaçlyk etmezdi. Balygyň, sarymsagyň, soganyň ýakymsyz ysyny aýyrmakda zägiň haýry bar. Ony dürli tagamlary taýýarlanylanda hem ulanylypdyr. Kimdir biriniň dişi sogrulan ýeriniň ýarasyny tiz bitirmek, agyzdaky ýaralary bejermek üçin zäkden peýdalanylýar. Ýüzdäki tegmilleri, örgünleri aýyrmak üçin kosmetoglar zäkden taýýarlanan ýapgylary peýdalanýarlar. Köp adamlar baseýinleri we wannalary zäk bilen dizenfeksiýa edipdirler.
Zägiň belli bir mukdarynyň gök önümler duzlananda, süýt önümleri taýýarlananda goşulýanlygy hakynda hem käbir çeşmelerde ýatlanylýar. Ol gijilewükde we derlände hem ulanylýar. Zägiň derini tiz garramagynyň öňüni alýan häsiýetli aýratynlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Onuň deriniň ýygyrt atmazlygyna haýry degýär. Ony her iki günden bir gezek dezodorantlaryň ornuna ulanmagy maslahat berýärler. Sakgaldyr murtyny alandan soň zäk bilen süpürilse haýry degýär. Türgenler köp türgenleşik işlerinden soň, aýaklary çişse, ýigrimi minuyt zäk atylan ýyly suwa aýagyny sokup otursa haýry degýär.
Bagdagül Mamedowa,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.