YKDYSADYÝET

«Ajap önüm» hojalyk jemgyýeti togtadyjy kolodkalaryň täze 11 görnüşiniň önümçiligiтш ýola goýdy

 «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň «Gunt» nyşany bilen öndürýän togtadyjy kolodkalarynyň görnüşi yzygiderli artdyrylýar.

Türkmenistanda ilkinji bolup togtadyjy kolodkalary öndürip başlan bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýylyň başynda togtadyjy kolodkalaryň täze, 11 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Şolaryň arasynda ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenen «Optimus» haryt nyşanly togtadyjy kolodkalar gurluşynyň has-da üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Täze önüm her dürli temperatura şertlerinde-de durnukly sürtülme derejesini saklaýar. Kärhanada asbestsiz keramiki we ýarym metal togtadyjy kolodkalary öndürmekde innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanylýar. Togtadyjy kolodkalar dürli howa şertlerinde ygtybarly duruzyjylygy, berkligi bilen tapawutlanyp, sürüjiler üçin örän amatlydyr. Her bir togtadyjy kolodka demirleriniň goragy hem-de daşky keşbi üçin ýokary hilli poroşok reňk bilen örtülýär.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: