BIZE YAZYARLAR

Ajap eýýamymyzyň ak ýollary

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesinden ugur alnyp, her ýylyň sentýabr aýyynda ählihalk işine öwrülýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy uly goldawa eýe bolýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu çäre ýol-ulag hadysalarynyň öňüni alyp, il-günümiziň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy diňe bir sürüjiler üçin derwaýys bolman, eýsem, hemmämize degişlidir. Diýmek, köçe- ýollaryň hadysasyzlygyny gazanmakda her birimiziň goşandymyz bolmalydyr. Şu biraýlygyň maksadyny ilata ýetirmek zerur wezipedir. Şunda ýollarymyzyň ak ýollar bolup, maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň köçe-ýol hereketine gatnaşýanlaryň her biriniň seresaply, hüşgär bolmagyna baglydygy äşgär hakykatdyr.

Döwrebap ýollaryň gurulmagy, iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Köçelerdir ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemmämize bähbitdir. Şonuň üçinem ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.

 

 

Serdar TANGYRBERDIÝEW,

Köýtendag etrabynyň polisiýa bölüminiň Dostluk şäher polisiýa bölümçesiniň

polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: