Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwürde ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň hem atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary howply ýokanç we beýleki dürli kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler bagtyýarlyk döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygynyň elmydama goragly bolmagyny,
ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuş endiklerini
ornaşdyrmak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan
öndürilen-dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan
hassahanalary, saglyk merkezlerini, öýlerini, sagaldyş we dynç alyş merkezlerini, şeýle hem sport toplumlaryny gurup berýär. Ýurdumyzda ynsan saglygy baş baýlyk hasaplanýar we “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” diýen pähimden ugur alynýar.
Ýurdumyzda her ýylyň dekabr aýynda AIDS-e garşy bütindünýä göreş güni
bellenilip geçilýär. Munuň özi, keseliň öňüni almakda halkara derejede edilýän
tagallalardan ugur alyp, biziň ýurdumyzda hem oňa garşy ýiti göreşiň ýokary
derejedediginden habar berýär. Keseli dörediji ýokanç Bütindünýä Saglygy
goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan AIW (adamyň immun ýetmezçiliginiň wirusy) diýlip atlandyrylýar. AIW ýokanjy adamyň immunitetiniň özboluşly zeperlenmegi netijesinde immun ýetmezçiligi bilen ýüze çykýar. Keseliň alamatlarynyň ýüze çykmasy dürli bolup, näsagyň özüne bildirmezden haýallyk bilen sowuklama, sussupeslik, ysgynsyzlyk, sebäpsiz bedeniniň gyzgynynyň galmagy, horlanmak ýaly alamatlardan başlaýar.
Soňra bu alamatlar ýuwaş-ýuwaşdan güýjäp başlaýar we ikilenji keselleriň hem
döremegine sebäp bolýar.
Häzirki wagtda bu keseli gutarnykly bejermek üçin oňa garşy dermanlar we
waksinalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işler adamyň ömrüni
uzaltmaga ýol açýar. Esasy bilinmeli zerurlyk bolsa, “keseliň öňüni almak, ony
bejermekden möhümdir” diýen jümleden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgeleri berjaý edilmelidir we keseliň öňüniň alynmagydyr. Munuň üçin ýokarda hem belleýşimiz ýaly, ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, tersine sport bilen yzygiderli meşgullanmak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmek zerurdyr.
Gülbahar ŞERAPOWA,
Saýat etrap hassahanasynyň 19-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.