Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär. 2018-nji ýylda ulanylyşa girizilen, 3 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhanada 40-a golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Awgust aýynda 70 müň düýp pomidor şitilleri oturdylyp, irki möhletde bol hasyl alynypdyr.
Ýyladyşhana innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, suwaryş, iýmitlendiriş, howa çalşygy we ýylylyk saklamak işleri awtomatiki usulda dolandyrylýar. Agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi netijesinde her düýpden ortaça 12 kilogram, her gektardan bolsa 230 tonna töweregi ýokary hilli pomidor hasyly alynýar. Noýabr aýyndan başlap hasyl ýygnalyp, häzirki wagta çenli 130 tonnadan gowrak pomidor öndürildi.
«Ahmet Haýdaryň» ýyladyşhanasynda noýabrdan bäri 130 tonnadan gowrak pomidor ýygyldy
27
Dec
