Ählimiziň möhüm borjumyz
Awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi ýollarda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň ýyl-ýyldan ýygjamlaşmagyna getirýär. Şol sebäpli hereketi sazlaşykly guramak, onuň howpsuzlygyny gazanmak meselesiniň ähmiýeti artýar.
Ýol-ulag hadysalarynyň, ilkinji nobatda, bellenen tizlik kadasynyň talaplarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýandygy hemmelere mälimdir. Ulag serişdesiniň ýokary tizligi, tehniki taýdan näsazlygy we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar sürüjilerdir pyýadalar, şeýle hem ýol hereketiniň sazlaşygy üçin howp döredýär.
Ýol hereketiniň düzgünlerini herekete gatnaşyjylaryň ählisi — pyýadalar-da, sürüjiler-de berk berjaý etmelidir. Herekete gatnaşyjylaryň aglabasy pyýadalardyr. Olaryň käbiri ýol hereketiniň düzgünlerini bilmän ýa-da bilip hem bilmezlige salyp, gadagan edilen ýerlerden geçýär, hereket edip barýan ulagyň öňüni kesýär, şonuň ýaly-da, awtobusdan düşende, köçeden geçmek kadalaryny dogry ýerine ýetirmän, ulagyň öň tarapyndan geçip, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, şu günler pyýadalaryň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.
Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek her bir ýol hereketine gatnaşyjynyň möhüm borjy bolup durýar. Ýolda özüňi alyp barmagyň ýokary medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligiňe düşünmäge gönükdirilen çäreler talyp ýaşlaryň arasynda hem guralýar. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy öýlerimiziň we ýollarymyzyň abatlygydyr.
Muhiddin KURBANOW,
Dänew etrap maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni.