BIZE YAZYARLAR

Ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde, ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — 2025-nji ýylymyz mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen, ýurdumyz we halkymyz üçin iňňän möhüm taryhy ähmiýetli we buýsançly wakalara baý bolan ýyl hökmünde döwletimiziň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde dünýädäki abraýy has-da beýgeldi.
Merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen täze, 2026-njy ýyla gadam basdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky karary bilen 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin döredilýän ähli mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de ýörite orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara bilim, ylym we sport bäsleşiklerinde gazanýan guwandyryjy, buýsandyryjy üstünlikleri ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýär. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, türgenlere we olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi bilim hem sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýdyň netijeleridir.
Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýratyn bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynda beýan eden: «Biz saýlap alan ýolumyza ygrarly bolup, nesillerimize beýik taryhy hakydany, bagtyýar geljegi peşgeş galdyrarys. Şu mukaddes ýolda Beýik Biribar bize güýç-kuwwat, haýyr işlerimize rowaçlyk bersin! Goý, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy baýdak edinýän jan Watanymyz Türkmenistanyň abraý-mertebesi belent bolsun!» diýen çuňňur mazmunly sözleri durmuş ýörelgesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan ähli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

AMANOWA Maýsa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
113-nji okuw toparynyň talyby.