BIZE YAZYARLAR

Ähli ösüşlermiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşleri, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, uly abraýa eýe bolýan döwletimiziň ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly işlenip taýýarlanan, üstünlikli durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň beren mümkinçilikleri bilen geçilen her bir gün, her bir aýşan-şöhrata, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýär. Bu wakalar berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldanylýandygyny görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçip, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Mukaddes Garaşsyzlyk bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaşalyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň binýady bolup durýar.

Geçen 33 ýylyň içinde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler, ýokary netijeler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzda giň gerimli işler amala aşyrylyp,baky Bitarap Türkmenistan dünýäde abraýly döwletleriň hatarynda orun aldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredildi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň ençemesi işe girizildi, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki döwrüňiň kämil enjamlary ornaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi.

Daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara ynanyşmak, dost-doganlyk ýörelgelerini saýlapalan Türkmenistan goňşy hem-de dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Parahatçylyk söýüjiligiň, asudalygyň we ösüşleriň mekanyna öwrülen ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan  giňden ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ulag-logistika, energetika, ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly ençeme halkara başlangyçlary öňe sürdi. Halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen ýola goýlan giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesinde taraplaryň bähbitlerine hyzmat edýän daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertler, olaryň hukuk esaslary döredildi. Bularyň ählisi diňe bir ykdysady we maliýe nukdaýnazaryndan däl, eýsem, milletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine, medeniýetleriň baýlaşmaklaryna hem ýardam edýär.

Ähli ösüşlermiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhyna şan-şöhratly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar türkmen döwletiniň döremegini arzuwlan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde gazanylýan üstünlikler bize eşretli zamanada döwran sürmek bagtynyň miýesser edendigine şaýatlyk edýär. Munuň özi halkymyzyň göwnüne ganat, kalbyna ylham berip, biziň her birimizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Ogulnabat Jumaýewa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: