«Ahal» — ýokary hilli ösümlik ýagy

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki «Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň  geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemledi. Ýagny, geçen ýylda bu ýerde 71 million 400 müň manatlyga barabar önüm öndürildi we 127,8 göterim ösüş depgini  gazanyldy.

Başgaça aýdylanda, ekologik taýdan arassa ösümlik ýagynyň 10 müň 46 tonnadan gowragy öndürilip, ilata ýetirildi. Halkyň gündelik sarp edýän azyk önümine islegiň artmagy onuň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, geçen döwürde bu ýerde gaýtadan işlenen pagta çigidinden sarunyň, harpygyň hem ençeme tonnasy alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Adblock
detector