JEMGYÝET

Ahal welaýatynda ýene-de bir ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy açyldy. Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat müdirliginiň işgärlerine niýetlenen bu ýaşaýyş jaýy welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda guruldy. Täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýlere mynasyp bolan asudalygyň goragçylaryna öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Döwrebap ýaşaýyş jaýynda ýokary hilli mebeller we beýleki hojalyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iki, üç, dört otaglardan ybarat giň öýler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: