Ahal welaýatynda kitaphanalaryň okyjylarynyň sany 96,5 müňden geçdi

2022-nji ýylda Ahal welaýatynyň kitaphanalarynda täze ýazylan raýatlaryň sany 10 müň 100-den geçip, okyjylar jemi sany 96 müň 640-a golaýlady.

Geçen ýylyň dowamynda kitaplaryň 430 müňe golaýy okamak üçin alyndy. Okyjylar tarapyndan 65 müňden gowrak syýasy neşirler, 147 müňden gowrak çeper edebiýatlar, 108 müňden gowrak çagalar edebiýatlary, beýleki edebiýatlaryň 109 müňe golaýy okalmaga alyndy.

Şu döwürde welaýat we etrap merkezi kitaphanalarynyň işgärleri 11 müňden gowrak neşiri bitewi elektron katalogyna saldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector