«Ahal» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda oýnajak günleri belli boldy

Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder. Toparçalaýyn bäsleşigiň duşuşyklarynyň hemmesiniň Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde merkezleşdirilen görnüşinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Häzirki wagtda «Ahal» toparynyň oýunçylary Jidda şäherinde geçiriljek oýunlara taýýarlyk işlerini geçirýärler, diýip, Türkmenistanyň Futbo federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

«Ahal» toparynyň tälimçiler düzüminiň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etjek oýunçylaryň 26-syny saýlap alandygyny bellemek gerek – Gurban Annaýew, Gurbanguly Aşyrow, Şanazar Tirkişow, Hoşgeldi Hojowow, Öwezmyrat Öwezmyradow, Elman Tagaýew, Amir Gurbany, Abdy Bäşimow, Rasul Çaryýew, Meýlis Diniýew, Ata Geldiýew, Resul Hojaýew, Selim Nurmyradow, Mirza Beknazarow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Serdar Geldiýew, Arslanmyrat Amanow, Şöhrat Söýünow, Didar Durdyýew, Döwran Hojamämmedow, Azatmuhammet Hojamuhammedow, Daýanç Nuryýew, Daýanç Meredow, Rüstem Ahallyýew, Muhammet Öwezow.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde «C» toparçasynda çykyş edýär. Toparymyzyň toparçadaky garşydaşlary «Fulad Huzestan» (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE) hem-de «Al-Garafa» (Katar) toparlary bolar.

Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparçalaýyn bäsleşigiň jemi boýunça her toparçanyň ýeňijisi (her sebitden bäş topardan) bilen ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezenleriniň altysy (her sebitden 3 topar) 1/8 finalda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

1-nji tapgyr: «Ahal» — «Şabab Al-Ahli Dubaý» (7-nji aprel);

2-nji tapgyr: «Al-Garafa» — «Ahal» (10-njy aprel);

3-nji tapgyr: «Fulad Huzestan» — «Ahal» (14-nji aprel);

4-nji tapgyr: «Ahal» — «Fulad Huzestan» (18-nji aprel);

5-nji tapgyr: «Şabab Al-Ahli Dubaý» — «Ahal» (22-nji aprel);

6-njy tapgyr: «Ahal» — «Al-Garafa» (26-njy aprel).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector