SPORT WE SYÝAHAT

«Ahal» futbol toparynyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir soraşmanyň jemine seredildi.

Geçirilen ses berlişigiň netijesine görä, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde E.Tagaýewiň derwezelere geçiren 10 topy bilen «Iň köp top geçiren oýunçylaryň» arasynda hem öňdeligi eýeländigini bellemek gerek. Pikir soraşmalaryň netijesinde çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen» topara gowşurylýan baýraga hem «Ahal» futbol topary mynasyp boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy. Bu sanawyň birinji düzüminde «Ahal» futbol toparyndan Abdy Bäşimow, Elman Tagaýew, Arslanmyrat Amanow, ikinji düzümde bolsa derwezeban Resul Çaryýew, Serdar Geldiýew, Ata Geldiýew dagy bar.

Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: