Argentinaly futbol ýyldyzy watandaşy Messi bilen bir toparda çykyş etmek üçin geldimi? Ýok, beýle däl. Ol Messiniň futbol oýnaýan şäherinde dyzyndan operasiýa boldy.

«Mançester Siti» argentinaly ýyldyzyny operasiýa etmek üçin ispan lukmanlarynyň tejribesine ynam bildirdi. Şeýlelikde, Serhio Aguero Barselonadaky meşhur saglyk merkezleriniň birinde operasiýa edildi.

«Ählisi gowy tamamlandy. Ýakyn wagtda ozalky saglygyma gowşaryn. Maňa goldaw berenleriň ählisine hoşallyk bildirýärin» diýip, ol «Twitterdäki» resmi sahypasynda ýazdy.

«Mançester Sitiniň» 32 ýaşly argentinaly hüjümçisi şu möwsümde 32 duşuşykda meýdana çykyp, şolarda 23 gezek tapawutlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: