JEMGYÝET

Agrar pudagyň işine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň guramagynda Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde häzirki wagtda oba-hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan toplumlaýyn işlere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatda birleşigiň işgärleri bölümler boýunça aýlyk we ýyllyk meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, oturdylýan döwrebap enjamlaryň sazlaşykly işi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. TAP-niň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni Gülzar Bekmemedowanyň çykyşy bolsa Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Milli maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça pudagyň işgärleriniň öňlerinde duran wezipelere bagyşlandy. Ol ýüpek gurçugyny idetmegiň önümçilikde netijeli ulanmakdaky ähmiýeti dogrusynda-da aýratyn nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: