JEMGYÝET

Agrar partiýanyň Türkmenabat şäher komiteti mehanizatorlar bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigindäki işjeň agzalaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresini guraldy.
Bu çärä partiýanyň welaýat we şäher komitetleriniň wekilleri bilen bilelikde önümçilik birleşiginiň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalykçylar şanly toýy zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Bu ýeňişlerde kuwwatly tehnikalaryň we olaryň mehanizatorlarynyň uly paýy bar.
Soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnyp berlen kuwwatly tehnikalar iş öndürijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Olarda işlemek mehanizatorlar üçin juda ýakymly. Şeýle bolansoň, partiýanyň ýerli komitetleri tarapyndan ýylyň dowamynda yglan edilýän zähmet bäsleşiklerinde gowy netijeler gazanylýar. Şu gezekki çäräniň dowamynda hem şeýle öňdebaryjy mehanizatorlaryň käbirine syýasy partiýamyzyň şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.