Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan Hasyl toýy mynasybetli Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde welaýatyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri bilen talyplaryň duşuşygy guraldy.
Bu duşuşyk nesilleriň arasyndaky sazlaşygy äşgär etdi.
Duşuşykda baýry oba hojalykçylar öz zähmet ýoly we iş tejribesi barada gürrüň berdiler. Talyplar olara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Ekinleri ýetişdirmegiň, maldarçylygyň ata-babalarymyzdan gelýän däpleri baradaky pikir alyşmalar hem täsirli geçdi.
Agrar partiýanyň Türkmenabat şäher komiteti Hasyl toýy mynasybetli duşuşyk geçirdi
07
Nov
