JEMGYÝET

Agrar partiýanyň Çärjew etrap komiteti oba hojalykçy zenanlar bilen duşuşyk gurady

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan etrabyň öňdebaryjy hojalykçy zenanlary bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Oňa oba hojalyk ulgamynda yhlasly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýan işeňňir gelin-gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny has-da pugtalandyrmak, olaryň döredijilik we zähmet mümkinçiliklerini giňeltmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy.
Çykyş edenler oba hojalygynda gazanylýan üstünliklerde zenanlaryň mynasyp paýynyň bardygyny bellediler. Şeýle-de olaryň yhlasy, zähmetsöýerligi hem-de ýokary jogapkärçiligi netijesinde etrapda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artýandygy aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda öňdebaryjy zenanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygy hem-de geljekki zähmet üstünlikleri arzuw edildi.