Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap birleşmesiniň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Diýarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary belende galýar» diýen at bilen maslahat geçirildi.
Maslahata welaýat prokuraturasynyň, welaýat adalat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenabat şäher kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny bellediler. Şeýle-de bedew batly ösüşleri bilen öňe barýan ýurdumyzyň sebit hem-de halkara derejesinde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy nygtaldy.
Agrar partiýa we TKA Türkmenabatda maslahat geçirdi
23
Feb

