«InventWood» amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze gurluşyk önümi özüniň berkligi bilen köpleriň gyzyklanmasyna eýe boldy.
«Superwood» diýlip atlandyrylan bu täze önüm tebigy agajyň häsiýetlerini özünde jemlese-de, adaty tagtadan we polatdan birnäçe esse berk we gatydyr. Muňa garamazdan, «superwoodyň» agramy örän ýeňildir. Şeýle-de halkara bilermenler täze önümiň oda, suwa çydamlylygyna we çüýremäge garşy durnuklylygyna ýokary baha berdiler.
Ekologlar geljekde gurluşyk işlerinde şeýle önümi ulanmaklygyň birnäçe artykmaçlyklaryny aýan etdiler. Kompaniýa täze önümiň önümçiligini artdyrmak we alyjylara ýetirmek boýunça eýýäm buýurmalary kabul edip başlady.
Agaçdan we polatdan berk material öndürildi

29
May