BIZE YAZYARLAR

Agaç ussaçylygy

Agaç ussaçylygyna halkymyzyň ruhy dünýäsinde hem ähmiýetli orun degişlidir. Muňa pederlerimiziň «Agaçly obany sil almaz», «Agaçsyz obada tozan görner» ýa-da «Agaç ýapragy bilen görkli» diýen ýaly halk nakyllaryň mazmuny hem doly tassyklaýar. Ussalar agaçdan araba, gaýyk, kejebe, şeýle-de oklaw, çemçe, atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda ulanylýan gurallary ýasapdyrlar.
Halkymyzyň arasynda: «Hünärli ýigit hor bolmaz» diýen nakyl bar. Agaç işläp bejerýän ussalar agaçdan hojalyk üçin gerek bolan gap-gaçlary we ak öýler üçin uklary, gapylary, eýwanlary dik diwarlaryny, sandyk we beýleki zatlary ýasaýarlar. Olaryň ulanýan çig maly hökmünde, esasan hem, söwüt, tut, güjüm agaçlary hyzmat edýär. Öý hajatlary üçin gerek bolan gap-gaçlar söwüt, tut we erik agaçlaryndan ýasalýar. Olardan gerek bolan gaplary ýasamakda ussalar, esasan, ýönekeýje gurallarda işläpdirler. Ak öýüň süňňüni düzýän agajy üçin, köplenç, ýeňil hem-de berk bolan söwüdi saýlap alypdyrlar. Mundan başga-da deregiň dürli görnüşlerinden we tut agajyndan peýdalanylypdyr.
Tut agajy guýuda, daşyň üstünde, suwuň aşagynda kyrk ýyllap ýatyrylsa, oňa «tudugana» diýlipdir. Ýaňky ýaly edilip segsen ýyl ýatyrylan agaja «Bakan» diýlipdir. Şol agaç suwda çüýremeýär, garamtyl goňur reňkli owadan bolýar. Ata-babalarymyz ondan gamçynyň, gylyjyň, hanjaryň, saplaryny ýasapdyrlar. Tut agajyndan ýasalan esbaplar ynsanyň ömrüni uzaldýar. Gadym zamanlardan bäri türkmenler tut agajyndan aýal-gyzlar üçin tebigy taýdan arassa bolan dakynylýan bezegleri, gündelik hojalykda ulanylýan esbaplary ýasaýarlar. Türkmen toýlarynyň bezegine öwrülen dutardyr gyjak, suw degirmenleri we juwazlar hem agaçdan ýasalypdyr. Elinden dür dökülýän ussalar agaçlaryň ýüzüne nagyş çekip, sandyklary we öý goşlary saklar ýaly mebelleri ýasap, iliň alkyşyny alýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere daýhançylygyň, ussaçylygyň, ekerançylygyň inçe syrlaryny öwretmek biziň öňümizde durýan mukaddes borçdur. Hut şonuň üçin biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine bildirýän ynamyny ödemek üçin yhlasymy, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Goý, türkmen halkyny eşretli durmuşa ýetiren Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary elmydama aman bolsun!

Bahtiýar JUMAKULIÝEW,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy.