Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji çempionlyk ady bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri AFK-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlaýaryn. Türkmenistanyň we Kambojanyň futbol federasiýalary öz klublaryna yklym sahnasynda ösmek üçin depginli gurşaw döredendikleri aýratyn öwgä mynasypdyr» — diýip, AFK-nyň metbugat gullugy şeýh Salman bin Ibrahim Al
Halifanyň sözlerini getirýär.
AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny gutlady

13
May