SPORT WE SYÝAHAT

«AFK-nyň Kubogy — 2022»-niň oýunlarynda «Altyn Asyryň» «Sogdiana» bile duşuşar

Özbegistanyň «Sogdiana» topary paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparynyň »AFK-nyň Kubogy — 2022»-niň toparçalaýyn bäsleşigindäki garşydaşy boldy, diýip Türkmenistanyň Futbol federasyýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda özbekleriň «Nasaf» toparynyň BAE-niň «Bani Ýas» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykmagy «Sogdiana» AFK-nyň Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Öz gezeginde, gazanan ýeňşi «Nasafa» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik döretdi.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Altyn Asyr» topary Merkezi zebitiň «E» toparçasynda «Sogdiana» (Özbegistan), «SSKA-Pamir» (Täjigistan) hem-de «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bilen duşuşar.

Bu toparçanyň duşuşyklary Duşenbe şäherinde geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: